Işe girmek isleýän raýatlaryň dykgatyna!

SalamNews

21 Iýun, 2023

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda bellenişi ýaly, çäre 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumynda, sagat 10:00 — 12:00 aralygynda geçirilýär.

Boş iş orunlaryň ilata hödürleniş çäresini guraýjylar edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlar özleri bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmelidirler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

(+993 222) 2-88-36;

(+993 222) 2-84-45.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews