360 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar

SalamNews

28 Aprel, 2023

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde jemi 360 maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-sy gurlar. Degişli desgalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary saýlap-seçip almak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Has takygy, Balkanabat şäheriniň S.Orazow köçesiniň ugrunda her biri 40 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-sini, her biri 48 maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň-da 2-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da, Balkanabat şäheriniň 216-njy ýaşaýyş jaý toplumynda her biri 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, her biri 40 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem 3-si gurlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews