Türkmenistan — ÝHHG: ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyga bagyşlanan maslahat geçirildi

SalamNews

20-nji iýunda Wena şäherinde «Türkmenistan — ÝHHG: ulag we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk» ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi. mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti tarapyndan ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça edarasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde guraldy.

Agzalan çäräniň işine ÝHHG-niň ýurtlarynyň wekiliýetleri, hususy pudagyň wekilleri, akademiýalaryň, BMG-niň we beýleki degişli halkara we sebit guramalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy. Bu çäre, ulag we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen, Merkezi Aziýanyň häzirki möhüm ykdysady meselelerine bagyşlandy.

Maslahatyň dowamynda durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi öňe sürüldi we ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özara täsirleşmegi üpjün etmek üçin syýasy gepleşikleri dowam etdirmegiň we berkitmegiň möhümdigi bellendi.

Türkmen tarapy gatnaşyjylary ýurdumyzyň durnukly ulag we logistika pudagyndaky meýilnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Bu mazmunda gatnaşyjylar «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de, türkmen wekiliýeti gatnaşyjylara şu ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýokary derejeli halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem maglumat berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews