Aşgabatda «Iýmit ýarmarkasy» geçirildi

Çaryguly Hanjaýew. «SalamNews».

15 Oktýabr, 2022

Şu gün, 15-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Iýmit ýarmarkasy» geçirildi. Bu ýarmarka uniwersitetiň «Diplomatlar» gurnagynyň agzalary tarapyndan geçirildi. «Iýmit ýarmarkasy» uniwersitetiň çäginde açyk howada boldy.

Ir säher bilen başlan ýarmarka özboluşly häsiýete eýe bolup, köp adamly boldy. Oňa diňe bir halkara uniwersitetiň talyplary we mugallymlary däl-de, Aşgabat şäherindäki 77-nji daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bu ýerdäki dürli ýurtlaryň aşhanalaryna mahsus bolan iýmitleriň, süýjülikleriň we içgileriň köpdürliligi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ýarmarkada satylan önümleriň arzan bahadan bolandygyny aýratyn bellemek gerek.

Festiwalyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşdy.


Uniwersitetiň jemgata hukugy hünäriniň 3-nji ýyl talyby, Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçisi, Nowruz Nurberdiýew şeýle gürrüň berdi.

Ýarmarkanyň esasy maksady uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly çäreleri uniwersitetimizde yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa talyplaryň topar bolup işlemek ukybyny ösdürmäge, jemgyýete

Ýarmarka üçin taýýarlanan dürli görnüşdäki iýmitler, süýjülikler we içgiler amatly bahadan satyldy. Onda gazanylan serişdelere jemgyýetimize bähbitli haýyr-sahawat çäreler geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen her okuw çylynyda şunuň ýaly gyzykly festiwallary, çäreleri yzygiderli geçirýär. Oňa talyp ýaşlar, professor mugallymlar yzygiderli gatnaşýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews