AŞGABATDA CASCA+ HALKARA MULTIMODAL ULAG-ÜSTAŞYR UGRY BOÝUNÇA AGZA ÝURTLARYŇ DEMIR ÝOL BOÝUNÇA DUŞUŞYGY TAMAMLANDY

SalamNews

Aşgabatda «Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza ýurtlaryň Demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy öz işini tamamlady.

CASCA + gatnaşýan ýurtlaryň nobatdaky duşuşygy bäşinji gezek geçirilýär we halkara ulag pudagyndaky möhüm meseleleri hem-de CASCA + halkara multimodal geçelgesiniň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin çäksiz mümkinçilik berýär. Bu duşuşyk gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky transport kompaniýalarynyň işini giňeldýär, şeýle hem iri logistika guramalarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär.

Bu möhüm başlangyçlaryň biri-de CASCA + halkara multimodal transport geçelgesidir. Bu ugur Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň demir ýol boýunça bilelikdäki başlangyjy bolup durýar.

Dünýädäki üýtgeýän ýagdaýy göz öňünde tutup, Türkmenistan Demirgazyk-Günorta geçelgesini ösdürmegi we ulag pudagynyň potensialyny ýokarlandyrmak üçin bar bolan päsgelçilikleri azaltmak boýunça çäreleri geçirmegi teklip etdi.

Bu ýerde häzirki wagtda Hazar deňziniň üsti bilen ösýän halkara ulag ýolunyň we Hytaý, Gazagystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe - Ýewropa (CASCA +) halkara multimodal geçelgesiniň ösdürilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews