Aşgabatda ýokary tehnologiýa hepdeligine badalga berildi

SalamNews

18 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde «Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýa we senagatlaşma» atly ýokary tehnologiýa hepdeligini geçirýär.

Tehno çäresine şu gün — 18-nji sentýabrda badalga berildi. Tehnologiýany ösdürmek, sanly innowasiýany öňe sürmek maksady bilen geçirilýän çäre durnukly jemgyýetleri gurmaga, tehnologiýa boýunça bilimleri we tejribeleri paýlaşmaga gönükdirilen maksatnamany öz içine alýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews