Nakgaş mugallymlaryň toparlaýyn sergisi açylar

SalamNews

31 Awgust, 2023

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Kalbyň reňkli owazlary» atly baýramçylyk sergisi açylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleri — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň 20-den gowrak mugallymynyň ylym-bilime, talyplyk durmuşyna degişli bolan ençeme sungat eserleri görkeziler.

Sergi 16:00-da açylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews