Konserwatoriýada Halkara saz güni bellener

SalamNews

17 Sentýabr, 2022

1-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Halkara saz gününe bagyşlanan konsert geçiriler.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa,Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa we Bahar Durdyýewa sopranoda, Maýa Gullaýewa bolsa messo-sopranoda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Stella Faramazowa fortepianoda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Osman Gujimow dutarda, Amangeldi Amanow baritonda, Jemal Agajanowa hem-de Seýran Atanyýazow skripkada çykyş ederler.

Konsert sagat 18:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews