Aşgabatda Russiýanyň güni mynasybetli konsert geçiriler

SalamNews

10 Iýun, 2023

11-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Rus kinosynyň we animasiýasynyň hepdeliginiň çäklerinde «Russiýanyň güni» atly baýramçylyk konserti geçiriler. Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde rus klassiki sazlarynyň genji-hazynasyna öwrülen eserler, şeýle-de, sowet kinofilmlerinden meşhur aýdymlar teatryň sahnasynda ýaňlanar.

Konserti Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Aşgabatdaky Rus öýi bilelikde guraýar.

Russiýanyň gününiň Russiýa Federasiýasynyň esasy döwlet baýramçylyklarynyň biridigini bellemek gerek.

Konsert sagat 18:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews