Koreýanyň sazandalar topary Aşgabatda konsert berer

SalamNews

2 Noýabr, 2023

4-nji noýabrda Aşgabatda Koreýanyň «Ondo» sazandalar toparynyň konserti geçiriler. Aýdym-saz çäresi Türkmenistandaky Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäginde bolar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek konsertde wokalçy Çhongsyl çykyş eder.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «K-Pop» stilinde ýerine ýetiriljek meşhur aýdymlardan lezzet alyp bilerler.

Konsert sagat 19:00-da başlanar. Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews