Aşgabatda jaz agşamy geçiriler

SalamNews

24 Mart, 2023

27-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygynda jaz konserti geçiriler.

Baýramçylyk konsertinde kompozitor bilen bilelikde Tirkiş Rejepow, Şirhan Batyrow, Selim Gurbansähedow, Bahram Dolyýew dagy çykyş eder. Jaz agşamynda Röwşen Nepesowyň täze ýazan «Kiparis» sazynyň ilkinji gezek ýaňlanmagy diňleýjiler üçin ajaýyp sowgat bolar. Şeýle hem onuň dowamynda jaz söýüjiler üçin tanymal kompozitorlaryň sazlary hem ýaňlanar.

Her ýyl 30-njy aprelde giňden bellenýän Halkara jaz güni mynasybetli geçiriljek konsert agşamy sagat 19:00-da başlanar.

Petekleri sargamak üçin telefon belgileri:

  • (+993 61) 72-78-63;

  • (+993 61) 23-52-34.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews