«Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryş geçirilýär

SalamNews

28 Noýabr, 2023

10-njy dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy isleg bildirýän toparlary «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre Adam hukuklary gününe we Adam hukuklarynyň Ähliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanýar.⠀

Bäsleşige gatnaşmak tölegsiz görnüşde bolup, ýerler çäklidir!

Ýaryşda toparlar 24 soragda (hersi 12 soragdan ybarat iki tapgyrda) biri-biri bilen bäsleşer. Netijelerine görä, iň gowy 2 topar finala çykar we şol ýerde ýaryşyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşerler. Galan toparlar 3-nji ýer we ondan soňky ýerler ugrundaky göreşde soňky soraglarda oýnamagyny dowam etdirerler. Finalda oýun 6 utuga çenli dowam eder.⠀
Ýaş çäklendirmeleri ýok. Her topar sekiz adamdan ybarat bolmaly, 6 sany esasy oýunçy we 2 sany ätiýaçlyk oýunçylar bolar.

Bäsleşik türkmen we rus dillerinde geçiriler.⠀

Hasaba alynmak üçin 7-nji dekabrda, sagat 18:00-a çenli şu salgydaky onlaýn maglumatnamalary doldurmaly.

Ýaryş 10-njy dekabrda, sagat 13:00-da başlaýar (hasaba alnyşyk 12:00-da başlaýar).⠀
Geçiriljek ýeri: «Angar» resto-kluby.⠀
Salgysy: Arçabil şaýoly, 41 («ABM» biznes-merkezi)

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews