Glazgo şäherinde kabul edilen maksatnama bagyşlanan maslahat geçirildi

SalamNews

25 Mart, 2022

Aşgabatda geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň «COP-26» maslahatyndan gelip çykýan meselelere bagyşlanan onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we BMG-niň wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar «COP-26» maslahatynyň çäginde kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegindäki ädilmeli esasy ädimler we bu ugurdaky hyzmatdaşlyk dogrusynda pikir alyşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň pes uglerodly ykdysadyýeti döretmek ugrunda amala aşyrýan başlangyçlary, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça milli strategiýa barada aýdyldy.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Glazgo maksatnamasy şäher we oba ýerlerinde jemgyýetçilik ulagy hökmünde welosipedi köpçülikleýin ulanmak ýaly Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny hem öz içine alýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews