Aşgabat şäherinde «Koreý milli baýramçylyklar» atly medeni çäre geçirildi

SalamNews

30 Noýabr, 2023

28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde Koreýanyň milli maglumatlar jemgyýeti agentligi tarapyndan esaslandyrylan «Türkmenistan – Koreýa maglumat elýeterlilik merkeziniň» Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde gurnamagynda «Koreý milli baýramçylyklar» atly medeni çäre geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar dürli çykyşlar, şol sanda koreý dilinde aýdym, koreý milli tanslary, ýelpewaçly koreý milli tansy hem-de Aşgabat saglygy dikeldiş toplumynyň okuwçylary tarapyndan Koreýa Respublikasynda we tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan «BTS» aýdym-saz toparynyň «Ýaz güni» aýdymy ýaly dürli çykyşlar görkezildi.

Şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy Hwang Ho Ýong we koreý dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby Aknur Myratgulyýewanyň koreý dilinde çykyşy hem-de Aşgabat şäheriniň «Taekwondo milli merkeziniň» türgenleriniň ýerine ýetirmeginde Koreýa Respublikasynyň milli göreş sporty bolan «Taekwondo» çykyşy hödürlendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews