Hindi tagamlarynyň ussatlyk sapagy boldy

Ogulnur Pirjikowa. SalamNews.

6 Iýun, 2023

5-nji iýunda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Hindi zenanlar birleşiginiň ýolbaşçylygynda ýurduň milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça «Rasoi: Hindistanyň tagamy» atly ussatlyk sapagy boldy. Oňa ýurdumyzdaky halkara guramalaryň, diplomatik gulluklaryň zenan wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair çykyş edip, milli tagamlarynyň hindi medeniýetindäki orny barada belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdan hindi milli aşhanasy dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe. «Bu günki çäre gatnaşyjylary diňe bir hindi tagamlary bilen ýakyndan tanyşdyrman, eýsem olary taýýarlap görmäge-de mümkinçilik döreder» diýip, ilçi öz çykyşynda belledi.

Dabaranyň dowamynda hindi zenanlar birleşiginiň agzalaryň 6-synyň gatnaşmagynda 6 görnüşli hindi tagamlarynyň taýýarlanyşy görkezildi.

Süýji elli hindi zenanlary myhmanlara «Alu Kaçori», «Dal Wada», «Sundal», «Dahi Papdi», «Towuk Tikka», «Kesari» we ş.m. ýaly naharlary bişirmegiň inçe syrlaryny öwretdiler.

Şeýle hem, hormatly ilçiniň belleýşi ýaly, çärä gatnaşyjylar hindi tagamlarynyň käbirini bişirmekde öz başarnyklaryny synap görmäge mümkinçilik aldylar.

Dabaranyň dowamynda myhmanlar bilen sorag-jogap alşyldy we olaryň hindi tagamlary baradaky pikir-garaýyşlary soraldy.

Meýdançanyň burçunda sergilenen dabaranyň nyşany we hindi adaty aşhana gap-gaçlary gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Has dogrusy, bu ýer myhmanlar üçin fotozona bolup hyzmat etdi diýsegem ýalňyş bolmaz.

Ussatlyk sapagynyň ahyrynda ähli gatnaşyjylara Bolliwudyň ajaýyp aýdymlarynyň astynda lezzetli hindi naharlary hödürlendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews