Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi

SalamNews

12 Aprel, 2022

Şu gün paýtagtymyzda Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky konsullyk edarasynda Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi.

Halkara kosmonawtika gününe bagyşlanan çärä köp sanly aşgabatlylar hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde hem bu senä bagyşlanan synp sagatlary, gyzykly çäreler geçirildi.

Okuwçylar mekdebiň watandaşlarymyza bagyşlanan muzeýine aýlanyp gördüler hem-de bu ýerdäki kosmonawt Oleg Kononenko bagyşlanan bölüm bilen içgin tanyşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews