Aşgabatda Karl Üçünjiniň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy

SalamNews

17 Noýabr, 2023

16-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl Üçünjiniň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasyny gurady.

Kabul edişlige Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, işewür toparlaryň wekilleri we döredijilik adamlary gatnaşdylar.

Resmi kabul edişligiň başynda hormatly myhmanlaryň garşylanyşy guraldy. Soňra gutlag sözleridir çykyşlar diňlenildi.

Ilki bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi Stefan Ostin Konlon çykyş etdi. Ol Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine diýseň ýokary berdi.

— Onuň Alyjenabynyň täç geýdiriliş dabarasy boldy. Onuň Alyhezreti, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu dabara gatnaşmagy biziň üçin uly hormat boldy — diýip, ilçi belledi.

Şondan soň Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewe söz berildi. Türkmenistanyň wekili hökmünde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl Üçünjiniň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlan S.Joraýew taraplaryň hyzmatdaşlygynyň iň ähmiýetli aýratynlyklaryny özünde jemleýän wajyp deilleriň birnäçesine ýüzlendi. Şeýle-de ministr geljekki meýilnamalardan söz açdy.

Çykyşlarda türkmen - britan gatnaşyklaryny many-mazmuny giňişleýin şöhlelendi.  

«Ýyldyz» myhmanhanasynda geçen Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl Üçünjiniň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli resmi kabul edişlik oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews