Aşgabatda 3064 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary açyldy

SalamNews

28 Dekabr, 2022

Şu gün — 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Täze ýylyň bosagasynda birbada 3064 maşgala täze jaýly boldy.

Paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda açylan desgalar diňe ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, 320 orunlyk orta mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny, söwda we medeni-dynç alyş merkezini, 10 sany 2 gatly söwda dükanyny hem-de 1 söwda bazaryny özünde jemleýär. Täze ýaşaýyş toplumynyň geriminiň giňligi şäher içindäki şäheri ýadyňa salýar. Onuň gurluşygy 91 gektar çäkde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň 40-sy tarapyndan ýerine ýetirildi.

Täze ýaşaýyş toplumy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabrynda çykaran Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda ýerine ýetirildi. Jemi 3064 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 264-si 1 otagly, 648-si 2 otagly, 1208-si 3 otagly, 944-si hem 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Her bir öýüň ýyladyş we sowadyş ulgamy hojalyklar tarapyndan özbaşdak ulanylmaga niýetlenendir. Ygtybarly suw üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, uly göwrümli ýapyk suw howuzlary göz öňünde tutulypdyr.

Täze ýaşaýyş toplumynda inženerçilik, ýol, yşyklandyryş ulgamlary, çagalar we ulular üçin oýun meýdançalary, duralgalar, umuman, ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Täze ýaşaýyş toplumynyň açylyşy medeni çärelere, dabaraly çykyşlara beslendi.

Açylyş dabarasyndan taýýarlanan fotoreportažymyzy Size ýetirýäris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews