Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna gaýybana tomaşa etmek üçin janköýer zolaklary döredildi

SalamNews

23 Noýabr, 2023

Ak mermere bürenen paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin janköýer zolaklary döredildi.

Şeýle zolaklaryň paýtagtymyzyň «Berkarar» (1-nji gat) we «Aşgabat» (2-nji gat) söwda we dynç alyş merkezlerinde ýerleşýändigini bellemelidiris.

Janköýer zolaklaryna giriş hemmeler üçin açykdyr. Ol ýerde janköýerler üçin güýmenje programmalary we ýaryşlar taýýarlanypdyr. Bu janköýer zolaklarynda dünýä çempionatynyň ähli ýaryşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilikler döredilipdir.

Dünýä çempionatynyň ýaryşlary 27-nji hem-de 28-nji noýabrda ýaýbaňlandyrylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews