Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady üstünliklere bagyşlanan serginiň açylyşy boldy

SalamNews

20 Sentýabr, 2023

Şu gün — 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy. Çäräniň başynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady üstünlikleriň tanyşdyrylyşy boldy.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi görkezme we işewürlik esasda guralýar. Her ýylyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetde, hususy pudakda, senagatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ýörite diwarlyklarda görkezilýär. Sergide ýurdumyzdaky döwlet we hususy edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň alyp barýan işleri giňişleýin öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem iň täze tehnologiki üstünliklere esaslanýan innowasion çözgütleri hödürlemek üçin sergi zalynda ýörite meýdança guralandygyny bellemelidiris.

Sergi ertir hem dowam eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews