Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

SalamNews

4 Ýanwar, 2024

6-njy ýanwarda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi guralar.  

Kabul edişlik Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri hem-de Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan geçiriler.  

Bu ýerde Türkmenistanyň raýatlary hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinden we adwokatlar toparyndan gyzyklanýan meseleleri boýunça tölegsiz esasda maslahat alyp bilerler.

Ol 09:30-dan 12:00-a çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýän Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler. Bildiriş şu günki «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

39-19-20; 39-19-21.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews