Ýolagçy uçary ilkinji gezek Antarktida gondy

SalamNews

23 Noýabr, 2023

300 adamlyk «Boeing 787» ýolagçy uçary ilkinji gezek sowuk yklymda gondy.

Antarktidada yzygiderli uçuş-gonuş zolaklary bolmansoň, uçar gözleg merkeziniň howa meýdançasynda uzynlygy 3000 metr we ini 60 metr bolan buz zolagyna gondy.

Uçarda 45 ýolagçy – Norwegiýanyň polýar institutynyň gözlegçileri we işgärleri hem-de agramy 12 tonna abarabar bolan gözleg enjamlary bardy.

«Korrespondent.net»- iň habar bermegine görä, üstünlikli uçuşa garamazdan, institut yklyma täjirçilik gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirmeýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews