Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

SalamNews

16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara giňişlikdäki gatnaşyklarynyň durnukly we netijeli häsiýete eýedigi bellendi. Şunda iki ýurduň gatnaşyklary ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine wajyp ornuň degişlidigini bellediler we toparyň şu ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda geçirilen mejlisiniň jemleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews