Russiýanyň iň uly burgeri taýýarlandy

SalamNews

9 Maý, 2023

Anapa şäherinde ululygy 77 sm, diametri 154 sm we agramy 759 kg bolan «Russiýanyň iň uly burgeri» taýýarlandy.

Burgeriň çöreginden başlap, etine çenli açyk meýdanda, ýörite enjamlaryň kömegi bilen taýýarlandy. Onuň arasyna iki sany etli kotlet goýlup, üstüne künji sepildi.

Burger taýýar bolansoň, rus rekordlar kitabynyň wekili Stanislaw Konenko tarapyndan hasaba alyndy.

Ýeri gelende bellesek, Anapada taýýarlanan burgeri 2017-nji ýylda Germaniýada bişirilen dünýäniň iň uly burgeriniň rekordyny täzeläp bilmedi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews