Albukerkede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy

SalamNews

24 Oktýabr, 2023

23-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerkede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Medeniýet günleriniň birinji gününde Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň, Nýu-Meksiko uniwersitetiniň, Albukerke şäher häkimliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň goşgulary türkmen-iňlis dillerinde ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Aşgabat şäher Medeniýet bölüminiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň wekilleri beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi barada çykyş etdiler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stoksyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu nukdaýnazardan, türkmen talyplary üçin onlaýn okuwy guramagyň mümkinçilikleri, şeýle hem uniwersitetiň professor mugallymlarynyň ylym we bilim pudagynda tejribe alyşmak üçin Türkmenistana saparlary göz öňüne tutuldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews