Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumy gurlar

SalamNews

14 Iyul, 2022

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen, zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 13-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow degişli halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi hödürledi.

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews