Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

SalamNews

24 Dekabr, 2022

Şu gün — 24-nji dekabrda, Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» tassyklanmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen birlikde Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyrylan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy, Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrliklerinden, Türkmen döwlet neşirýat gullugyndan gatnaşyp çykyş eden wekiller bilen birlikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlaryndan alymlar Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek boýunça alyp barýan işlerini beýan etdiler.

Tassyklanan meýilnamanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan işlenip taýýarlanandygyny bellemeli. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçmek maksady bilen tassyklanan bu meýilnamada 2023-2024-nji ýyllarda ýurdumyzda we daşary döwletlerde ýüzlerçe çäreleri geçirmek göz öňüne tutulan.

Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda geçiriljek çäreler türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan baý we gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge gönükdiriler. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen bilelikde baýram ediler. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlary, tanyşdyrylyş dabaralaryny, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan hödürlenen «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny (ΧVΙΙΙ asyr)» ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» halkara maksatnamasyna girizmek boýunça wezipeler hem bar.

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenmeginiň uly manysy bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, Garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy.

Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentine «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» tassyklap berendigi üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews