Azerbaýjan Awazada baglaşylan üçtaraplaýyn döwletara ylalaşygy tassyklady

SalamNews

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy» tassyklady. Degişli Karar Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web-saýtynda çap edildi diýip, finmarket.ru internet neşiri habar berýär.

Karara laýyklykda, üçtaraplaýyn ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek Respublikanyň Ykdysadyýet ministrliginiň üstüne ýüklendi. Ýurduň üçtaraplaýyn ylalaşygy ýerine ýetirmek üçin zerur bolan içerki düzgünleri berjaý edendigini Türkmenistanyň we Türkiýäniň Hökümetlerine habar bermek Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine tabşyryldy.

Üçtaraplaýyn ylalaşyk geçen ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň barşynda baglaşylypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews