Programma üpjünçiligi bilen iş salyşýan subýektlere karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy

SalamNews

Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy. Bu baradaky düzgünleriň täze Tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi.

Oňa laýyklykda, telekeçilere  karzlary bermegiň şertleri şu tertipde kesgitlenýär:

1) milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillik döwri bolan 5 ýyl möhlete;

2) taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete.

Karzlar programma üpjünçiligini, intellektual işiniň netijesine bolan hukugy (lisenziýa, emläk hukugyny) satyn almak üçin 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdeleri goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews