Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygynyň Meýilnamasy tassyklanyldy

SalamNews

9 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalary hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygrynda alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Meýilnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews