Durnukly geljek: ösýän ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça maliýe goldawy

DalamNews

2 Dekabr, 2023

BMG-niň Dubaýda geçýän COP28 howa sammitiniň birinji gününde ösüp barýan ýurtlarda howanyň üýtgemegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak maksady bilen ýörite gaznanyň döredilendigi resmi taýdan yglan edildi. Ýeri gelende bellesek, şu gaznany işe girizmek hakyndaky çözgüt howanyň üýtgemegi sebäpli ejir çeken ýurtlara kömek etmek maksady bilen kabul edildi.

COP28 howa sammitiniň çäginde dürli ýurtlaryň wekilleri gaznanyň öz işine başlamagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Birnäçe ýurt bu gazna ilkinji goşandyny goşdy: BAE 100 million dollar bölüp berse, Beýik Britaniýa — 51 million, ABŞ — 17,5 million, Ýaponiýa — 10 million, Ýewropa bileleşigi bolsa 245, 3 million, şol sanda Germaniýa 100 million dollar bagyşladylar.

Gazna goşulýan goşantlaryň möçberi ýurtlaryň isleglerine baglylykda amala aşyrylýar we ösýän döwletleriň hemmesi onuň çeşmelerine gönüden-göni girip bilerler. Bütindünýä banky gaznanyň wagtlaýyn dolandyryjysy hökmünde çykyş eder.

Howanyň üýtgemeginiň öwezini dolmak gaznasyny döretmek baradaky bu karar COP28 sammitiniň iň möhüm tapgyryny emele getirdi. Dubaý sammitine gatnaşýan hökümetleriň we beýleki taraplaryň bu pursatdan uly goldaw hökmünde peýdalanyp, şu ugurda möhüm netijeleri gazanmagyň tarapynda çykyş etmegine garaşylýar.

2022-nji ýylda Müsürde geçen COP27 sammitinde bu gaznany döretmek boýunça rezolýusiýa kabul edilipdi. 2023-nji ýylda bolsa ony işe girizmegiň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy noýabrda Dubaýda başlanan COP28 12-nji dekabra çenli uzar. Şu ýyl COP28 howa sammiti 190 ýurtdan 70 müňden gowrak adamy bir ýere jemledi. Şol döwletleriň hatarynda Türkmenistanyň hem bardygyny bellemelidiris. Maslahatyň esasy maksady Pariž şertnamasynda kesgitlenen maksatlara ýetmekde adamzadyň ösüşine baha bermekdir.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews