PSŽ «Barselonadan» Dembeleni düzümine goşdy

SalamNews

12 Awgust, 2023

Harri Keýnden soň şu günüň dowamynda ýene bir uly transfer habary gelip gowuşdy. Taraplaryň arasyndaky köp wagtdan bäri dowam edýän gürrüňler ahyry hakykat ýüzünde-de amala aşdy.

PSŽ topary «Barselonanyň» ýyldyz oýunçysy Usman Dembele bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Parižliler 26 ýaşyndaky wingeriň transferi üçin ispan toparyna 50,4 million ýewro tölär. Dembele PSŽ-de 23-nji belgili köýnekçäni geýer.

2014-nji ýylda «Renn II» toparynda futbola başlan Dembele 2015/16 möwsüminde «Rennde», 2016/17 möwsüminde-de «Borussiýa Dortmundda» çykyş etdi. 2017-nji ýylda rekord baha 105+40 million ýewro «Barselona» transfer bolan Dembele katalonlaryň düzüminde 6 möwsümde 185 duşuşyk geçirip, şolarda 40 gezek tapawutlandy.

PSŽ çempionatyň täze möwsüminde ilkinji duşuşygyny şu gije «Loriýan» bilen geçirer. Tälimçi Enrike toparyň düzümine Mbappeni, Neýmary hem-de Werrattini çagyrmady. Dembele PSŽ-niň 10-njy transferidir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews