Italiýanyň medeniýeti uly ýitgä sezewar boldy

SalamNews

23 Awgust, 2023

22-nji awgustda italýan aýdymçysy we pop aýdym-saz kompozitory Toto Kutunýo 80 ýaşynda aradan çykdy. Onuň 400-den gowrak aýdymy bolup, olaryň köpüsi hit boldy. Bu barada Rainews24 telekanaly habar berdi.

Toto Kutunýonyň hakyky ady Salwatore Kutunýo bolup, ol 1943-nji ýylyň 7-nji iýulynda Italiýanyň Toskana şäheriniň Fosdinowo diýen ýerinde dünýä indi. Surnaý çalýan kakasy tarapyndan çagalygyndan höweslendirilen Salwatore aýdym-saza imrindi. Ol deprek sapaklaryna gatnap, dürli ýerli toparlarda saz çalyp başlady.

19 ýaşyna çenli ýerli toparlar bilen deprekçi hökmünde çykyş etdi. 1966-njy ýylda Toto özüniň «Toto e i Tati» toparyny döretdi. Ol Italiýada döreden aýdymlary bilen çykyş edip, uly üstünlik gazandy.

Toto 10 ýyldan soň aýaly boljak Karla bilen 1967-nji ýylda gezelençde tanyşdy. Totonyň Niko atly ogly bar. 1981-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli iň köp satylan «L’italiano» albomy Toto Kutunýo uly abraý getirdi. 1990-njy ýylda ol «Solo noi» atly superhiti bilen San-Remo festiwalynyň baş baýragynyň eýesi, «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Toto geçen asyrda bu baýragy alan ýeke-täk italýandyr.

Häzir onuň maşgalasy Naplesiň golaýyndaky Portofino şäherinde ýaşaýar. Ýatlap geçsek, Toto Kutunýo 2015-nji ýylda Aşgabatda hem konsert beripdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews