Dünýä işewürliginiň wekilleri Merkezi Aziýada söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi bilen tanyşýarlar

SalamNews

17 Maý, 2024

Almaty, Gazagystan, 2024-nji ýylyň 14-nji maýy — ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny (CATF) açdy. Şu ýylky «Söwda baglanyşyklary: Global köprüler» atly forum aragatnaşyk, täjirçilik we söwda syýasatyny ösdürmek boýunça sebitiň esasy wakalarynyň  birine öwrüler.

Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň,  Angliýanyň we ABŞ-nyň 300-den gowrak işewür ýolbaşçylary we döwlet işgärleri Merkezi Aziýada söwdany ösdürmegiň usullaryny öwrenmek üçin Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşýarlar. Maslahatyň sessiýalary sanlylaşdyrmak işlerine, ulaga, logistika, sazlaşyga, söwdany kadalaşdyrmaga, Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlaryna we Merkezi Aziýadaky söwda päsgelçiliklerine bagyşlanýar.

Waşingtonyň, Kolumbiýa okrugyndan gelip forumda çykyş eden USAID-iň dolandyryjysynyň kömekçisiniň uly orunbasary Zeýna Salahi: «On ýyldan gowrak mundan ozal döredilen bu forumy goldaýandygymyza buýsanýarys, söwda hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagynyň gülläp ösýän we has durnukly ösüşe eýe bolýan Merkezi Aziýany döretjekdigine ynanýarys» — diýip, belledi.

«CATF» döredileli bäri 32 million dollardan gowrak möçberdäki serişdäni özünde jemleýän şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam berdi we 25 ýurtdan 10000-den gowrak hökümet wekillerini we işewür agzalary kabul etdi.

Bu ýerde çykyş edenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň Söwda ministrlikleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, «QazTrade», Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag ýollarynyň birleşmesiniň we Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň  (TRACECA) wekilleri bar.

«CATF» bilen bir wagtda şu aşakdakylar ýerine ýetirilýär:

  • Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 40 kompaniýanyň gatnaşmagyndaky söwda sergisi guralyp, ol halkara alyjylar üçin oba hojalygy, dokma, tikin we azyk önümlerini hödürleýär. Söwda sergisi  Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi we Almaty söwda we maýa goýum palatasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

  • Merkezi Aziýada söwda mümkinçiliklerini öwrenýän pakistanly zenan telekeçileriň 40-synyň gatnaşmagynda aýal-gyzlar bilen işleýän kärhanalar üçin Pakistan-Gazagystan söwda mümkinçilikleri forumy. Forum USAID-iň Pakistanyň sebitleýin ykdysady integrasiýa maksatnamasy (PREIA) tarapyndan guraldy.

  • Milli söwdany ösdüriş komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagy guralyp, ol gümrük, ulag, fitosanitar sertifikatlaşdyryş we weterinariýa serhedine gözegçilik etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň işewür ýolbaşçylaryny we işgärlerini birleşdirýär. «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly taslamasynyň goldawy bilen guralan we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylan bu duşuşykda  söwda proseslerini sanlylaşdyrmak üçin ýol kartalary we sebitde söwda amallaryny optimizirlemek boýunça bilelikdäki hereket meýilnamasyny düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews