Olimpiýa çempiony, meşhur türgen aradan çykdy

SalamNews

14 Mart, 2023

Dünýä belli ýeňil atletikaçy, Olimpiýa çempiony, amerikaly türgen Dik Fosberi 76 ýaşynda aradan çykdy.

1947-nji ýylda Oregon şäherinde dünýä inen Fosberi 1968-nji ýylda Mehiko Sitide geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrýar. Ýeňil atletikanyň beýikligine bökmek ugry boýunça altyn medal gazanýar. Ýöne oňa bu altyn medal däl-de, onuň beýikligine bökmekdäki ýerine ýetiren usuly uly şöhrat getirýär. Beýikligine bökmekde irki ýyllarda dürli böküş usullary bolup, türgenler her tüýsli (ýüzin, jyrtlap, aýaklygyna...) edip bökýärdi. Ýöne Fosberi 1968-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda täze usul ulanýar. Ol beýikligiň üstünden arkanlaýyn bökýär. Şondan soň onuň bu görkezen usuly ulanylyp başlanýar. Fosberi usuly diýlip at goýlan bu görnüş ýeňil atletikanyň bu ugrunyň düzgüni bolup galýar.

ABŞ-nyň Solt Leýk Siti şäherinde dünýäden gaýdan Fosberi limfoma keselinden ejir çekýärdi.   

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews