Gepleşik geçirmekde ukyplaryňyzy ösdüriň: ÝÖTB-niň ussatlyk sapaklaryna goşulyň

SalamNews

1

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖB) maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini we dolandyryş geňeşi tejribesi bolan aýratyn geňeşçileri «Müşderi bilen nädip gepleşik geçirmeli?» diýen ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu ussatlyk sapaklary, taslama başlamazdan ozal ýa-da taslama durmuşa geçirilişinde müşderiler bilen yzygiderli duşuşýan geňeşçiler üçin niýetlenendir.

Ussatlyk sapaklaryna gatnaşyjylara:

  • Müşderi bilen duşuşygy guramaga;

  • Duşuşyk geçirmekligiň algoritmi üçin esas döretmäge;

  • Müşderi bilen hyzmatdaşlygy gurmaga;

  • Müşderi bilen duşuşyk geçirmekde we garşylyklaýyn aragatnaşygy gazanmak üçin amaly tejribe almaga;

  • Özara täsir etabyna baglylykda ýygnagyň maksatlaryny we netijelerini takyk kesgitlemäge (dürli meseleler we maksatlar bilen 5 görnüşli duşuşyk göz öňünde tutulýar);

  • «Gysga gürrüňdeşlik», «şertnama» we başgalar ýaly gepleşik ukyplaryňyzy ösdürmäge;

  • Müşderiniň garşylygyna täsir edip işlemäge;

  • Iň soňky netije we jogapkärçiligi maslahat beriş taslamasynyň çäginde müşderi bilen paýlaşmaga ýardam eder.

Ussatlyk sapaklarynyň geçirilýän senesi: 2024-nji ýylyň 26-njy apreli.

Wagty: 09:00-18:00

Geçirilýän ýeri: «Ýyldyz» myhmanhanasy, 1-nji gat, mejlisler zaly.

Gatnaşmagyň tertibi:

Ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde 15:00-dan gijä galman doldurylan maglumatlaryňyzy şu ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli.

Has giňişleýin maglumat üçin (+99363) 296894 telefon arkaly ÝDÖB-niň Türkmenistandaky kiçi telekeçilik geňeşçisi Tahmina Öwezowa ýüz tutup bilersiňiz.

Okuwlara gatnaşmak mugt. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews