Milli elektron kommunikasiýa ulgamlary we olary işläp taýýarlaýjylar bilen bagly täze Düzgünnamalar taýýarlandy

SalamNews

Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda we milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalary işlenip taýýarlandy. Bu barada 24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Bellenişi ýaly, bu ugurda işleriň utgaşdyrylmagyny şu Düzgünnamalara laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanynyň artdyrylmagyna, giňeldilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir.

Bu düzgünnamalar «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyp, oňa laýyklykda, döwlet maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň çygrynda milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawyny hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek arkaly, milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryndan we maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagyny, milli elektron kommunikasiýa we maglumat tehnologiýa önümlerini işläp taýýarlaýjylaryň hukuklarynyň goragynyň amala aşyrylmagyny, milli programma üpjünçilik önümleriniň işlenip taýýarlanylmagynyň we ulanyşa girizilmeginiň düzgünleşdirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews