Adamlara juda meňzeş bolan 14 sany başga planetalynyň galyndylary tapyldy

SalamNews

16 Sentýabr, 2023

Meksikada başga planetalylaryň mumyýa edilen galyndylary görkezildi. Bu barada «Rambler.ru» habar berdi.

Gözegçileriň bellemegine görä, galyndylary Perudaky Naska şäherinden tapypdyrlar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda olaryň üsti açylypdyr. Ol ýerde beden gurluşy babatda adamlara juda meňzeş bolan 14 sany başga planetalynyň galyndylary tapyldy.

Sudurlaryň iki eli, jübüt gözi we kellesi bar. Emma olar üç barmakly we boýnunyň ýeňse tarapy adamlaryňka garanda biraz uzyn. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, galyndylaryň müň ýaşlydygy anyklandy. Molekulýar barlaglar bolsa, olaryň başga planetalydygyny çaklamaga esas döretdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews