UEFA Ýewropa Ligasynyň möwsümiň iň ökde oýunçysy hem-de simwolik ýygyndysy mälim edildi

SalamNews

25 Maý, 2024

Taryhynda ilkinji gezek Ýewrokuboklarda ýeňiji bolan «Atalantanyň» çempionlygy bilen tamamlanan UEFA Ýewropa Ligasynyň 53-nji möwsüminiň iň ökde oýunçysy hem-de simwolik ýygyndysy mälim edildi. «Marsel» toparynyň gabonly hüjümçisi Pier-Emerik Obameýang möwsümiň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Ol 10 gol geçirip, möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. Şol bir wagtyň özünde-de ol ýaryşyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçy rekordynyň hem eýesi bolmagy başardy. 35 ýaşyndaky hüjümçiniň bu ýaryşda geçiren gollarynyň sany 34-e ýetip, ol Henrik Larssondan öňe saýlanypdy.

«Baýeriň» ýyldyzy oýunçysy Florian Wirts bolsa möwsümiň iň ökde ýaş oýunçysy diýlip yglan edildi.

Şeýle-de, möwsümiň simwolik ýygyndysy mälim edilip, oňa çempionat «Atalanta» bilen finalçy «Baýeriň» hersinden 4, «Romadan» 2, «Marselden» hem 1 futbolçy topara alyndy.

UEFA Ýewropa Ligasynda möwsümiň simwolik ýygyndysy:

DERWEZEÇI: Mile Swilar («Roma»);

GORAGÇYLAR: Janluka Mançini («Roma»), Jonatan Ta («Baýer»), Berat Jimşiti («Atalanta»);

ÝARYMGORAGÇYLAR: Jeremi Frimpong («Baýer»), Ten Kopmeýners («Atalanta»), Granit Džaka («Baýer»), Matteo Rujjeri («Atalanta»);

HÜJÜMÇILER: Florian Wirts («Baýer»), Per-Emerik Obameýang («Marsel»), Ademola Lukman («Atalanta»).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews