UEFA: Saud Arabystanynyň klublary Çempionlar Ligasyna gatnaşmaz

SalamNews

21 Awgust, 2023

Ýewropa futbolynyň hojaýyny UEFA soňky wagtlardan ýüze çykan käbir myş-myşlara soňky nokady goýdy. Hemmä belli bolşy ýaly, soňky günlerde Saud Arabystanynyň ligasynda çempion bolan klubuň UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşjakdygy hem-de bu barada arap klublarynyň degişli işleri geçirmekçi bolýandygy barada gürrüňler ýaýrapdy.

UEFA-nyň degişli ýolbaşçylarynyň bu barada hiç hili maslahat geçirmändigi, bu teklibiň Aleksander Çeferiniň göwnünden turmandygy bellenilýär. Saud Arabystanynyň klublarynyň Çempionlar Ligasyna gatnaşmagy UEFA-nyň AFK bilen aralarynyň bozulmagyna-da sebäp bolup biljekdigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, Çeferin ozal, oýunçylaryň arap klublaryna transferi bilen baglanyşykly: – Karýerasynyň agramly bölegini tamamlan futbolçylary transfer edeniň bilen futbol ösmez. Şeýle ýalňyşy ozal Hytaý hem edipdi. Olaram uly tölegler edip, birgiden oýunçy alypdylar – diýipdi.

UEFA Çempionlar Ligasynda 2024/25 möwsüminden başlap, 36 klub gatnaşar.   

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews