«Gid-terjimeçi» hünäri boýunça dalaşgärler okuwa kabul edilýär

SalamNews

31 Mart, 2023

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 2023-nji ýylyň 10-njy aprelinden «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça okuwlarynyň başlaýandygyny habar berýär.

Bu ugur boýunça syýahatçylyk ulgamynda işleýän tejribeli hünärmenler bilim berýär. Okuwlara ýazylmak we degişli maglumatlary almak üçin orta hünär okuw mekdebine ýüz tutup bilersiňiz.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, 2023 (M.Kösäýew) köçesi, 49, tel.: 36-48-14, 36-36-97.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews