Mekdep okuwçysy heýkeltaraşlyk eserini öz okaýan bilim ojagyna sowgat etdi

SalamNews

30 Dekabr, 2023

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gurbansoltan Eje adyndaky 72-nji orta mekdepde gyzykly waka guraldy. Mekdebiň howlusynda okuwçylaryň we mugallymlaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda «Oglanjyk we delfinler» atly 2 metrlik heýkeltaraşlyk eseriniň — ajaýyp kompozisiýanyň dabaraly açylyşy boldy. Täsin eseriň awtory mekdebiň 11-nji «B» synp okuwçysy Bally Babaýewdir.  

Bally bu işinde delfinler bilen oýnaýan oglanjygy şekillendiripdir. Ballynyň pikiriçe, kompozisiýa adam bilen tebigatyň bitewiligini alamatlandyrýar. Onuň sözlerine görä, bu ýerde delfin halasgär hökmünde görkezilýär. Bu haýwanlar köp adamyň janyny halas etdi. Dürli-dürlidigimize garamazdan, biz bir planetada we şol bir wagtda ýaşaýarys. Şundan ugur alsak, okuwçynyň «Oglanjyk we delfinler» heýkeltaraşlyk kompozisiýasy Ýer ýüzünde parahatçylyga we dostluga çagyryşdyr.

— Aslynda kompozisiýanyň paýtagtymyzyň islendik meýdançasyny ýa-da seýilgähini bezäp biljek işdigine ünsi çekmek isleýärin.

Kompozisiýamyň baş gahrymany – oglanjyk. Ol daşky gurşaw bilen sazlaşyklylykda bilime ymtylýar. Bilim adamy kämilleşdirýär. Şol sebäpden hem, mekdep howlusy – meniň kompozisiýam üçin diýseň jüpüne düşen ýer — diýip, belleýän mekdep okuwçysynyň sözlerini «Türkmenistan: Altyn asyr» okyjylara ýetirýär.

Ajaýyp işiň awtorynyň — Ballynyň Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň hem-de tanymal keramikaçy Gülara Babaýewanyň ogludygyny bellemelidiris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews