Ulaglary we harytlary barlamagyň usulyýetini işläp düzmek boýunça tälimçileriň okuwy geçirildi

SalamNews

Şu ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji iýuly aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryşyna Kömek Maksatnamasy (BOMCA 10), Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgärleri üçin ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak, okuw prosesini guramak we ulaglary barlamagyň usulyýetini işläp düzmek boýunça tälimçileriň okuwyny gurady.

Bu çäräniň dowamynda Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň gümrük geňeşiniň hünärmenleri bikanun geçirilýän serişdeleri netijeli barlamagyň we tapmagyň usulyýetine aýratyn üns berdiler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar gözegçilik nokatlarynda ulaglary we harytlary netijeli barlamak üçin iň täze tehniki çözgütler bilen tanyşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews