Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler

SalamNews

22 Sentýabr, 2023

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisine möhüm ähmiýet berilýär.

Bu döwletli maslahata ýurdumyzyň ähli künjeklerinden dürli wezipedäki we dürli ýaşdaky adamlar işjeň gatnaşýarlar. Döwletli maslahata gatnaşmak bagty miýesser eden adamlar Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyza köpçülikleýin gelip başladylar.

Ýurdumyzyň welaýatyndan Halk Maslahatynyň mejlisine gelýän adamlar milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýar. Olaryň baýramçylyk günlerinde ýaşajak ýerleri kesgitlenip, adamlaryň ýerleşdiriljek ýerlerine barmaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews