Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar paýtagtymyzyň muzeýlerine baryp gördüler

SalamNews

25 Noýabr, 2023

Paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak wekiliýetleriň agzalarynyň Aşgabadyň muzeýlerine gezelençleri guraldy.

Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasyndan ugur alan awtobus kerweni myhmanlara ak mermere bürenen şäheriň gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik döretdi. Olar birnäçe ugurlar boýunça Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren Aşgabadyň sazlaşykly ösüşiň hem gözelligiň nusgasydygyny bellediler.

Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde ýerleşdirilen gymmatlyklar gezelenje gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň baý taryhy, milli gymmatlyklary hem-de buýsanjyna öwrülen aýratynlyklary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berdi.

Soňra çempionata gatnaşyjylar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp, ajaýyp surat eserleridir heýkel işleri bilen tanyşdylar. Şekile siňen milli aýratynlyklarymyz Dünýä çempionatynyň myhmanlaryny diýseň gyzyklandyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews