Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylary gutlady

SalamNews

14 Oktýabr, 2023

Hususan-da, onda şeýle diýilýär:

Hormatly halkara kinofestiwala 

gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu medeni çäräniň ýokary ruhubelentlik döredip, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik kämilligini artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Häzirki döwürde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan aýdyň maksatlara laýyklykda, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli medeni gatnaşyklar ýola goýulýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy hem-de öňdengörüjiligi esasynda gurlan Arkadag şäheri beýik ösüşleriň, rowaçlyklaryň, dost-doganlygyň şäheridir. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň örän uly manysy bardyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen, dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň ýokary sylaglaryna mynasyp bolan Arkadag şäheriniň binalarynda kämil innowasiýalar, ösen tehnologiýalar, sanly ulgamyň gazananlary giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Hormatly halkara kinofestiwala 

gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Mukaddes türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň we ylmyň ösen, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň kemala gelen topragydyr. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli sungatymyz we gymmatlyklarymyz häzirki döwürde barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň «Türkmenfilm» birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy biziň merdana pederlerimize, şanly taryhymyza belent sarpamyzdan nyşandyr. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilýän filmleriň halkara kinofestiwallarda gazanýan üstünliklerine biz aýratyn guwanýarys.

Häzirki wagtda biz ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady bolsa kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekden we ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu halkara çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, kino aktýorlarynyň we kino bilermenleriniň gatnaşmaklary has-da buýsançlydyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly myhmanlar!

Kino sungaty parahatçylygyň we dostlugyň köprüsidir. Kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi, jebisligi kemala getirýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň çäginde guraljak dabaralaryň medeni hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitjekdigine, dostlukly gatnaşyklarymyzyň taryhynda ajaýyp waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Gadyrly halkara kinofestiwala 

gatnaşyjylar!

Sizi Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews