Ýokary gan basyşyndan ejir çekýärsiňizmi? Ýakynlaryňyzda hem şol mesele bar bolsa gerek!

SalamNews

25 Dekabr, 2023

Jübütlikleriň diňe bir umumy endikleriniň däl-de, eýsem, özara birmeňzeş gyzyklanmalara hem eýediklerini bellemek gerek. Jübütlikleriň biri gipertoniýadan ejir çekýän bolsa, beýlekisinde-de şol keseliň bolmagy ähtimallygynyň ýokarydygy täze gözlegleriň netijesinde anyklanyldy.

Ýokary gan basyşyndan ejir çekýärsiňizmi? Onda, siziň ýakynlaryňyzda hem şol mesele bar bolsa gerek! Bu Amerikanyň ýürek keselleri boýunça assosiasiýasynyň žurnalynda (AHA) neşir edilen täze gözlegiň netijesidir. Alymlar orta we şondan ýokary ýaşly är-aýalyň lukmançylyk görkezijilerini seljerenlerinden soň, ýagdaýlaryň 20-den 47 %-ine çenli ikisiniň hem ýokary gan basyşynyň bardygyny anykladylar.

Köp milletleriň gatnaşmagyndaky tejribe ABŞ-da, Angliýada, Hytaýda we Hindistanda geçirildi.

«Köp adamlar orta ýaşly we garry adamlarda gipertoniýanyň kän duşýandygyny bilýärler. Ýöne ABŞ-da, Angliýada, Hytaýda we Hindistanda geçirilen tejribäniň netijesinde jübütleriň köpüsinde är-aýalyň ikisinde hem ýokary gan basyşynyň ýüze çykarylmagy bizi geň galdyrdy» diýip, Miçigan uniwersitetiniň lukmany Çihua Li belläp geçdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews