Arkadag şäheriniň telefon kody mälim edildi

SalamNews

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Arkadag şäherinde sanly ulgamlary ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak boýunça degişli işler üstünlikli durmuşa geçirildi.

Şeýle işleriň hatarynda Arkadag şäheri üçin telefon belgi berkidildi. Eýsem-de, Arkadag şäheri boýunça telefon belgisiniň kody näçekä? Belki-de, muny bilmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

Arkadag şäheri boýunça telefon belgisiniň kody hem edil Aşgabat şäheriniňki ýaly (+993 12) ýa-da (8 00 12) bolup durýar. Arkadag şäheri boýunça edara-kärhanalaryň telefon belgisi (+993 12 57...) bolsa, «akylly» şäheriň ýaşaýjylary üçin (+993 12 58...) belgiler ulanylmaga berildi.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Arkadag şäheriniň çäginde bina edilen ähli desgalary, ýaşaýyş jaýlary döwrebap aragatnaşyk ulgamlary bilen doly üpjün etmek boýunça taýýarlanan tehniki şertlere laýyklykda olaryň her birine optiki – süýümli aragatnaşyk ulgamlary doly çekildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan bilelikde Arkadag şäherinde 123 belgili «Call center» döredildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews