Seniň pişigiň garamy ýa-da pişikler näme «getirýär»?!

SalamNews

22 Aprel, 2023

Pişik köpleriň gowy görýän öý haýwanlarynyň biri. Pişik saklaýan adamlaryň tas hemmesi diýen ýaly, olarda agyryňy, içki ahwalyňy duýmak ýaly ukyplaryň bardygyny aýdýarlar. Ýöne olar saklaýan pişikleriniň reňkiniň öz ykballaryna täsir edýändigini bilýärmikäler? Eger bilmeýän bolsalar bu maglumatlar olar üçin juda gyzykly bolup biler.

Gara reňkli pişik aňymyza ornan gara pişik bilen bagly nädogry düşünjäniň tersine, eýesini bolup biläýjek ýakymsyz hadysalardan goraýar we özi bilen öýe rahatlyk hem pähim-paýhas getirýär.  Şonuň üçin-de, öýde gara reňkli pişigi saklamakdan asla ýaýdanmaň!

Çypar reňkli pişik şatlyk, lezzet we köp halatda baýlyk getirýär. Siz çypar pişigiňiziň gapdalyňyzda wagty keýpiçaglyk, döredijilik hyjuwyny we 33 lezzetiň ählisini duýup bilersiňiz! Hatda nesibäňizde bar bolsa, bu gowulyklaryň üsti  baýlyk bilen hem dolup biler.

Çal reňkli pişik sazlaşyk, aýdyňlyk, asudalyk diýmekdir. Çal pişik oýlanyp-ölçermegi, durmuşy meýilnama esasynda dolandyrmagy halaýanlara wepaly dost bolup biler. Şeýle pişigiň ýanynda özüňi rahat hala getirip, meditasiýa bilen meşgullanmak, uly maksatlar hakda pikirlenmek oňyn netije berýär.

Ak reňkli pişik durmuşyny üýtgetmek isleýän, täzeliklere höwesli adamlaryň tüýs diýýän öý haýwany. Ak pişik eýesiniň durmuşyna köp garaşylan täzeligi we täzeçe pikirlenmek energiýasyny getirýär. Olar eýesiniň derdini iňňän ýiti duýýan ýakymly «tebiplerdir».

Endamy zolak-zolak çyzykly pişikler öwrülişigiň nyşanydyr. Bu pişik, esasan, mistiki ahwallar bilen baglanyşygy, düýşlerden  hakykatlara, geň düşünjelere syýahat etmegi aňladýar. Eger-de siz ylahy duýgulara ilgezik bolsaňyz, onda şeýle pişikleriň özüňize ynamdar ýoldaş bolup biljekdigine ynanyp bilersiňiz!

Endamy dürli reňkli pişikler özlerinde her bir zatdan birazajyk saklaýarlar. Bu bolsa, şeýle pişik bilen öýe bagtyň, sazlaşygyň we abadançylygyň gelýändigini aňladýar. Elbetde, hemme zat eýesiniň pişige bolan garaýşyna, oňa näderejede açyk we ynamlydygyna, öý haýwanynyň rahatlygy barada edýän aladasyna bagly bolar. Esasy zat, islendik şertde-de «ýokary sferalaryň habarçysy» bolan pişigi hormatlamak we söýmekdir. Ýogsa, pişik islendik wagt öýkeläp, özi bilen oňyn energiýany hem alyp, sizi mydamalyk terk edip biler!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews