Uşu boýunça Türkmenistanyň Kubogy dünýä çempionatynda çykyş etjek türgenlerimizi kesgitledi

SalamNews

9 Oktýabr, 2023

Aşgabatda uşu boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçirildi. Bu barada «turkmenistaninfo.gov.tm» habar berdi.

Ýaryş ýurdumyzyň dürli künjeginden 150 çemesi türgeni bir ýere jemledi. Söweş sungatynyň bu görnüşiniň sanda (tutluşyk) ugrundan guralan bäsleşik çempionlyk derejesiniň eýelerini mälim etdi.  

Ýaryşyň toparlaýyn netijesi boýunça ýer eýeleri — aşgabatlylar öňe saýlandylar. Olar ýeňişleriň 30-syna eýelik etmegiň hötdesinden geldiler.

Ikinji orna Ahal welaýatynyň ýygyndy topary mynasyp boldy. Welaýatyň wekilleri üç ýeňşe ýetmegi başardylar. Iki ýeňiş gazanan Lebap welaýatynyň ýygyndysy bolsa bu ugurda öňdäki üçlügi jemledi.

Uşu sportuň professional görnüşi hökmünde ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýar. Ol sportuň görkezme görnüşi hökmünde 2008-nji ýylyň Pekin olimpiadasynda we türkmen türgenleriniň bürünç medalynyň bellige alnan sport baýramynda — ýaşlaryň II Bütindünýä oýunlarynda tanyşdyrylypdy.

Bu gün Türkmenistanda 2000-den gowrak adam sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda uşuçylar bilen 40-dan gowrak tälimçi türgenleşik işlerini geçýär. Geljek ýyl bolsa Türkmenistanyň Uşu federasiýasy esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçer.

Uşu boýunça Türkmenistanyň Kubogy öňde boljak möhüm synaga — dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen guraldy. Dünýä çempionaty şu ýylyň noýabrynda ABŞ-da geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews